Agry Deri Tulum Peýniri
Türkiyäniň Özboluşly Önümleri
Türkiyäniň Eýran serhedinde ýerleşýän Agry şäheri esasan hem ownuk maldarçylyk bilen baglanyşykly işleriň giňden alynyp barylýan sebitdir. Agry welaýatynyň ýörite edarasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2024-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Agry Deri Tulum Peýniri goýunyň süýdünden edilýän peýnirleriň görnüşleriniň biridir. Şäheriň ýaýlag meýdanlarynda ösýän endemiki ösümliklerden iýmitlenýän goýunlaryň süýdüne az mukdarda sygyryň süýdi goşulyp taýarlanýan Agry Deri Tulum Peýniri biraz duzly, ýarym ýumşak we ýakymly ysa eýedir. Dolulygyna tebigy maýa bilen taýarlanýan peýnir üçin ilki bilen ýaz we tomus aýlarynda ýaýlaglarda erkin ýagdaýda iýmitlenip ýetişýän mallardan sagylan süýt takmynan 40 gradusa ýetýänçä çenli gaýnadylýar. Gaýnan süýde tebigy maýa goşulanyndan soň 1 sagat garaşdyrylýar. “Teleme” diýip atlandyrylýan peýnir orta derejedäki böleklere bölüneninden soň, “Süzek” diýip atlandyrylýan 2-3 kg agyrlygyndaky pamyk biz torbalara doldurylýar. Pagta torba peýniriň aşagyndan suwuň süzülmegi üçin 15-20 gradus derejede takmynan 12 sagat garaşdyrylýar we şol tapgyryň dowamynda torba ters öwrülmäge dowam edilýär. Ilkinji süzme işi tamamlananyndan soň torbadan çykarylan peýniriň bölekleri, 50 kilogramlyk haltalara goýulýar we süzme işleri ýene-de 2-3 gün dowam edilýär. Süzülen peýnir nohut ululygyndaky böleklere bölüneninden soň, ýaňadandan pagta haltalara ýerleşdirilip, ýene-de 1 hepde garaşdyrylýar. Peýnir soňky tapgyrda bolsa geçi derisinden ýasalan tuluma, içine howa girmejek görnüşde berk baglanýar. Deri tutulm içindäki peýnir nol gradus derejede azyndan 4 aý garaşdyrylyp, taýarlanmagyndan soň amatly gaplara goýulyp sarp edijä hödürlenýär. Agry Deri Tulum Peýniri sowuk howa şertlerinde 12 aýa çenli bozulman saklanyp bilinýär.