Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Ukraina guran sapary

Ýewraziýa Syn

1777585
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Ukraina guran sapary

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Ukraina guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

Üstümizdäki aýyň 3-de Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiýniň çakylygyna laýyklykda Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli Strategik geňeşiň 10-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Kiýewe gitdi. Prezident Erdogan resmi duşuşyklaryndan ozal paýtagt Kiýewde 2-nji Jahan urşunda wepat bolaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýäniň Prezidenti Erdogany Marinskiý köşkünde resmi dabara bilen garşylady. Resmi garşylama dabarasyndan son iki  ýurduň liderleri özara duşuşyk geçirdiler. 3 sagat 10 minut dowam eden özara duşuşykdan soň liderler wekiliýetleri bilen Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli Strategik geňeşiň 10-njy maslahatyny geçirdiler. Geňeşiň maslahatynda Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlyk; syýasat, ykdysadyýet we söwda, goranyş, medeniýet ugurlarynda pikir alyşyldy. Maslahatdan son liderleriň gatnaşmagynda 8 sany hökümetara ylalaşyga gol goýuldy. Gol çelişilen ylalaşyklaryň arasynda Türkiýe-Ukraina Erkin Söwda Ylalaşygy hem bar. Mälim bolşy ýaly Ukraina bilen Türkiýäniň arasynda erkin söwda zolagynyň döredilmegi boýunça gepleşikler 2011-nji ýylda başlapdy.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiý Prezident Erdogan bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Erkin söwda ylalaşygynyň ähmiýetine ünsi çekip; “Ylalaşyga gol çekişilmezden ozal geçen ýyldaky söwda mukdarymyzy 7 milliard dollara ýetirip, rekord goýduk. Bu hem 10 millaird dollarlyk maksadymyzyň, islegimiziň mümkindigini görkezýär. Erkin söwda ylalaşygy hem şol maksada isleýänimizden has gysga möhletde ýetmegimizi üpjün eder” diýdi. Prezident Erdogan sapardan gaýdyşyn uçarda jurnalistlere beren beýannamasynda Ukraina bilen diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň 30-njy ýylyna gabat gelen saparyny 8 ylalaşyk bilen güýçlendirendiklerini nygtap; “Geňeşmeleri 11 ýyl dowam eden esasanda Erkin söwda ylalaşygy iňňän möhüm we manyly” diýdi.

Saparyň dowamynda Türkiýäniň we Ukrainanyň hökümetleriniň arasynda gol çekişilen beýleki bir möhüm ylalaşyk bolsa Ýokary tehnologiýalar, awiasiýa we kosmos pudagynda Hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky çarçuwaly ylalaşykdyr. Şol ylalaşygyň çäginde 2035-nji ýyla çenli türk maýa goýumlaryndan salgytlar, paçlar alynmaz we türk firmalarynyň ýokary tehnologiýa, awiasiýa we kosmos pudagynda Ukrainada goýjak maýa goýumlaryna aýratyn goldaw beriler. Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilelikdäki metbugat ýygnagynda bu ylalaşygyň türk uçarmansyz howa ulaglarynyň Ukrainada öndürilmegini ýaýbaňlaşdyrjakdygyny nygtady.

Türkiýäniň Prezident Erdoganyň Ukraina sapary Russiýa bilen Ukrainanň arasynda möwç alýan dartgynlygyň azaldylmagy we Gara deňiz sebitinde parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Erdogan metbugat ýygnagynda; “Türiýe Gara deňizden goňşy bolan iki dostlukly ýurduň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin öz üstüne düşýän borjy berjaý etmäge taýýar. Liderleriň derejesinde sammite  ýa-da tehniki derejedäki gepleşiklere ýer eýeçiligini edip biljekdigimizi duşuşygymyzda ýene-de bir gezek beýan etdim” diýdi. Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý “Söweşiň öňüni almak ugrunda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda töwellaçy bolma ygtyýarlylygy üçin” Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Ukraina saparyndan gaýdyşyn beýanat beren Erdogan Russiýanyň lideri Putin bilen duşuşygyny Türkiýede geçirmegi boýunça Zelenskiý bilen ylalaşandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan Ukraina saparynyň dowamynda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiý bilen Krym tatarlary hakynda pikir alyşdy we olar bilen bagly bilelikdäki taslamalary seljerdi. Erdogan metbugat ýygnagynda sözlän sözünde Krym bilen birlikde Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamaga dowam edýändiklerini ngtady. Krym tatarlarynyň milli lideri we Ukrainanyň halk deputaty Mustafa Abduljemil Krymoglunyň prezidentleriň bilelikdäki metbugat ýygnagyna we toparara gepleşiklere hem gatnaşandygyny nygtap geçmek ýerlikli bolar. Aýratynam Krymogly we Krym tatar wekiliýeti Boryspil howa menzilinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.



Degişli Habarlar