Gazagystanda Ýerli we Parlament Saýlawlary Geçirildi

Ýewraziýa Syn

1574436
Gazagystanda Ýerli we Parlament Saýlawlary Geçirildi

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gazagystanda geçirilen ýerli we parlament saýlawlaryna ser salmakçy.

2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gazagystanda ýerli we parlament saýlawlary geçirildi. Saýlaw güni gazagystanlylar ýurduň içinde we daşynda 10,62 saýlaw uçastogynda ses berdiler. Saýlawa uly şäherlerde gatnaşygyň pesdigi görüldi. Saýlawa gatnaşyk 63,3 göterime barabar boldy. Mejlisiň aşakky gatlagy we ýerli mejlisler üçin 5 partiýa bäsleşdi. Saýlaw güni 40 müň polis gullukçysy iş alyp bardy. Bu saýlaw garaşsyz Gazagystanyň taryhynda uzak ýyllar soň ilkinji gezek öz möhletinde geçirilen saýlaw boldy.

Gazagystanyň Merkezi saýlaw geňeşi üstümizdäki aýyň 12-nde saýlawyň netijesini yglan etdi. Şol netijä görä üç partiýa 7 göterimlik saýlaw çäklendirmesini geçmegiň hötdesinden geldi. Mejlisiň täze düzüminde Nursoltan Nazarbaýewiň liderlik edýän Nur otan partiýasy 76 göterim, Azat Peruşaýewiň liderlik edýän Ak Ýol partiýasy 12, Aýkyn Konurowyň liderlik edýän Gazagystan halk partiýasy 10 kürsi eýeledi. Adybir üç partiýa 2012-nji we 2016-njy ýyllarda geçirilen saýlawlarda hem mejlisde wekilçilik edilmäge hukuk gazanypdy. Parlamentde wekilçilik edilmäge hukuk gazanyp bilmedik Aýyl partiýasy 383,023, Adal partiýassy 258,618 ses aldylar. Özüni oppozision atlandyrýan Milli sosial demokrat partiýa bolsa boýkot edýändigi sebäpli saýlawa gatnaşmady.

Saýlaw bilen gelen 98 halk deputatyna goşmaça 9 halk wekili bolsa Nursoltan Nazarbaýewiň başlyk edýän Gazagystanyň halk assambleýasynyň mejlisi tarapyndan saýlandy. Saýlawdan soň häkimiýet başyndaky Nur otan partiýasynyň halk deputatlarynyň 70 göterimi täzelendi. Mejlisiň ozalky başlygy Dariga Nazarbaýewa halk deputatlygyna saýlandy, emma halk deputaty bolup işlemäge dowam eder.

Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndan daşgary Türk geňeşi we TürkPa ýaly halka guramalary hem-de olaryň wekilleri Gazagystandaky saýlawlaryň kanuna laýyk geçirilendigini beýan etdiler.

 

10-njy ýanwarda geçirilen saýlawda son Gazagystanda Mejlisiň başlygy, Premýer ministr bilen iki ministrden daşgary kabinetiň ähli agzalary wezipesini dowam etdirerler. Gazagystanyň hökümeti durnukly işleşmäge dowam eder.

Saýlawdan ozal partiýalar üçin käbir ýeňillikler döredilipdi. Mysal üçin saýlawa gatnaşmak üçin gerek bolan gollaryň sany 40 müňden 20 müňe çenli aşakladyldy. Emma hünärmenleriň bu saýlawda mejlisde wekilçilik etjek partiýalaryň sanynyň artjakdygy barasyndaky çaklamalary dogry çykmady.

Gazagystanda halk deputatlary 5 ýyl möhlet üçin saýlanýar. Mejlisiň täze düzüminiň 40 göterimi gaýtadan saýlanmaga hukuk gazanan deputatlardan ybarat. Kanuna laýyklykda 30 göterimi zenanlardan we ýaşlardan ybarat. Mejlisde 29 zenan halk deputaty bar.

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykyş eden Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew saýlaw kanunyna özgertme girizip, çäklendirmäniň 5 göterime çenli aşakladylmagyny we ses býulletenine “ählisine garşy” alternatiwiniň goşulmagyny teklip etdi. Aýratynam mundan soň Gazagystanda ýerli ýolbaşçylaryň gönüden halk tarapyndan saýlanmagy gün tertibinde. Bu saýlawda gazak halky durnuklylygyň dowam etmegi üçin ses berdiler.



Degişli Habarlar