Maraş Mis Önümleri
Türkiyäniň Özboluşly Önümleri
Türkiyäniň Ortaýer deňizi sebitiniň Gündogar Anadoly sebiti bilen kesişýän nokadynda ýerleşýän we ýurduň Milli Azat edijilik urşunda aýratyn oruna eýe bolan Kahramanmaraş welaýatynda öndürilýän Maraş Mis önümleri şäheriň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Örän inçe mis örtükleriň döwülip şekillendirilmegi we bezelmegi bilen ýasalýan “Maraş mis önümleri” ýokary ussatlygy we el zähmetini talap edýär. Ussalar mis örtükleri sandal ýa-da gaty jisim bilen agaç tokmagyň arasynda urulyp şekillendirýärler. Urulyp gaty görnüşe getirilýän misiň dargamazlygy, ýarylmazlygy we ýeňillik bilen üstünde işlenip bilinmegi üçin wagtal wagtal “tawlama” diýip atlandyrylýan gor ýagdaýynda bolan oda ýerleşdirilip ýumşadylýar. Mis önümleriniň tutawajy we tutawaç bölekleri esasanam bürünç, demir we tüwi ýaly magdanlardan guýma usuly bilen öndürilýär. Önümler islenýän görnüşe eýe bolanyndan soň, bezegi el bilen gabartma ýa-da zymba diýip atlandyrylýan usul ulanylyp ýerine ýetirilýär. Soňky tapgyrda bolsa galaýylama usuly bilen ýalpyldawuk ýagdaýyna getirilýän Maraş Mis önümleri gazan, saç, çäýnek, gap, mejme, kofe serwizi, kofeýnik we golça ýaly öý goşlar öndürilişi ýaly şemdan, gül çüýşeleri we waza ýaly bezeg önümleri hökmünde hem öndürilip bilinýär.