23-nji Aprel dünýädäki ilkinji we ýeke-täk çagalar baýramçylygy

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1400247
23-nji Aprel dünýädäki ilkinji we ýeke-täk çagalar baýramçylygy

23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy

Dünýädäki ilkinji we ýeke-täk çagalar baýramçylygynyň 23-nji apreliň Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M.K.Atatürk tarapyndan bütin dünýä çagalaryna sowgat edilendigini bilýänizmi?

Şu ýyl 100 ýyllygyny belläp geçýän Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan güni bolan 23-nji aprel, 1935-nji ýylda Halkyň özygtyýarlylygy baýramy bilen birleşdirilip, 23-nji aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy hökmünde bellenilmäge başlanýar. Türkiýe Respublikasynyň düýbüniň tutulan, özygtyýarlylygyň şertis-belliksiz türk milletine degişli bolan şol baýramçylyk güni çagalar üçin mukaddes şatlyga öwrüldi.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji prezidenti M.K. Atatürk gelejegiň çagalaryň elindedigine ynanypdyr we şol sebäpli çagalara uly ähmiýet beripdir. Türkiýäniň Mejlisiniň açylan senesini diňe bir Türkiýede ýaşaýan çagalara däl, eýsem dünýädäki ähli çagalara baýram hökmünde sowgat etmegi, Atatürkiň çagalara bolan söýgüsini görkezýär.

 



Degişli Habarlar