Din we jemgyýet 18

Dini ybadatlardan biri bolmak bilen birlikde käbir jemgyýetçilik özboluşlyklara eýe bolan zekat bermek barasynda durup geçmek isleýäris

65103
Din we jemgyýet 18

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda dini ybadatlardan biri bolmak bilen birlikde käbir jemgyýetçilik özboluşlyklara eýe bolan zekat bermek barasynda durup geçmek isleýäris.

Zekat, yslamyň bäş şertinden biri bolup, namaz, oraza we haja gitmek ýaly pygamberler ulgamyndan galan düýpli ybadatlardan biridir. Yslam dininde mätäçlere berilmegi islenýän maliýe kömeginiň iň aşak çägi bolan zekadyň mukdary we düzümi kesgitlenmezden kämil ýeke hudaýly dinlerde-de bar bolan ybadatlardan biridigi bize gurhanda beýan edilýär. Yslamdaky zekat bolsa musulmanlygyň şertlerinden ýa-da diniň parz ybadatlaryndan biri bolup, onuň mukdary kesgitlidir. Şertlerini tamamlanlar üçin mejbury ykdysady ybadatdyr. Zekat, bendesiniň alla bilen bolan gatnaşygyny güýçlendirmek bilen birlikde, ykdysady we jemgyýetçilik aýratynlyklary bilen öňe saýlanýar. Yslamyň gymmatlyklar ulgamyndaky köp sanly şahsy we jemygyýetçilik gymmatlyklary bilen gönüden arabaglanşyklydyr.

Sözlük taýdan: arassa bolmak, artmak, baýlaşmak, bereket we öwgi ýaly manylary aňladýar. Adalga manysy bolsa belli bir derejede emläge eýe bolan musulmanlaryň degişli şertlerdäki emläkleriniň belli mukdaryny ýylda bir gezek allanyň razyçylygy üçin belli adamlara ýa-da guramalara bermeklikdir. Şeýlelikde sözlük manysy artmak bolan zekat, harj etmek bilen bagly işdir. Göräýmäge iki many biri-birine gapma garşy ýalydyr. Emma hakykat şol gapma garşylygy ortadan aýyrmaklykdyr. Çünki zekadyň jemgyýete ýetirýän täsirleri bilen sözlük manysynyň çäginde beýan edilen ähli manylarynyň özboluşly gymmatlyklara eýedigi görülýär. Ýagny ybadat hökmünde zekat hem şol manylaryň ählisini adamyň we jemgyýetiň ruhy, ahlaky, dini, ykdysady we durmuşynyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilip bilinjek güýje hem-de özboluşlyga eýedir.

Yslamdaky ybadatlaryň beýleki bir özboluşlygy hem bendäniň özüne berilen maddy we ruhy nygmatlar üçin allaga şükür etmegiň beýany bolmaklygydyr. İne şol jähtden seredilende zekat, emlägiň hakyky eýesi bolan alla üçin edilen bir görnüşli şükürdir. Ol hem adamy gadyrbilmezlikden çetleşdirip, şükür etmäge gönükdirýär. Şeýlelikde Alla şükür edenlere has köp berjekdigini beýan edýär. İne şol jähtden emlaginden bähbitli işler üçin sarp edenlere allanyň artykmajy bilen bermegi bir görnüşli artmaklykdyr we bereketlenmekdir.

Gurhana ser salanymyzda maliýe ugurlary bilen bagly köp sanly aýat bar. Olar yslam dininde zekat bilen birlikde bir meňzeş özboluşlyklara eýe bolan beýleki maliýe ybadatlarynyň hem bardygyny görkezýär. Şolaryň dini jogapkärçilik derejeleri bir däldir. Enfak we saka ýaly adalgalar şolardan iki sanysy. Ýerine görä zekat adalgasy käbir has ýokary bir adalga hökmünde sadaka adalgasy bilen beýan edilýär. Şeýlelikde käbir aýatlarda beýan edilýän jemgyýetdäki ýetimleriň, garyplaryň we ýesirleriň esasy islegleriniň kanagatlandyrylmagy barly adamlaryň jogapkärçiligine degişli borçdyr. Mälim bolşy ýaly gurhan mätäçlere maliýe kömegini bermekligi allaga karz bermek hökmünde beýan edýär.

Gönüden garyp-gasara berilen kömekler bilen yslam dini ilki adamlaryň galkyndyrylmagyny göz öňünde tutýar. Çünki adamlar galkynman halatynda ne maşgala, ne jemgyýet, ne döwlet ne-de millet galkynyp bilmez. Eger şeýle bolan halatynda haýsydyr bir ösüşden söz etmek kyndyr. Adamlar jemgyýetde esasy damarlary besleýän kiçijik damarlar ýalydyr. Jemgyýetiň öýjükleri bilen iň ýygjam gatnaşygy şolar ýola goýýar. Adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrman beýleki guramalaryny güýçlendirmek mümkin däldir.

Mälim bolşy ýaly mal we mülk edinmek islegi, azyk, ýaşaýyş jaý, iýmit we beýlekiler ýaly isgleri kanagatlandyrmak arkaly adamyň öz durmuşyny dowam etdirmek hem-de goramak isleginiň tebigy netijesidir. Emma jemgyýetde hemmeler sowatlylyk, başarnyk we eýe bolan mümkinçilikleri taýdan deň derejede däl. Şeýlelikde jemgyýetde hemmeleriň ýaşaýyş şertleri hem bir bolmaýar. Yslam dini şol tapawutlyklardan gelip çykýan meseleleri ortadan aýyrmak üçin zekat ulgamyny legallaşdyrypdyr.

Zekat ähli zatdan ozal jemgyýetçilik arkalaşyk we ýardamlaşmagyň özenini emele getirýän ybadatdyr. Jemgyýetçilik parahatçylygyny, sosial deňagramlygy we asudalygy üpjün etmegi maksat edinýär. Şol sebäpli hem baýyň emläginde garybyňam haky bardyr, diýilýär. Adamdaky tebigy meýillerden biri bolan emläk söýgüsi makul derejede saklanan halatynda adamlar we jemgyýet üçin peýdaly netijeleri bardyr. Şol söýgüniň harsydünýälik derejesine barmagy bolsa iňňän howplydyr. İne dini borçlardan biri bolan zekat bermek adamy emläkden pidakärlik etmäge öwrenişdirip, oňa rebiniň we jemgyýetiniň öňündäki borçlaryny berjaý etmegi ýatladyp, şol emläk edinme islegini makul derejede saklaýar. Emma emlägiň eýesiniň alyn deri bilen gazanan emlägini haýsydyr bir garybyň “bu emläkde meniňem hakym bar” diýip, zor bilen almaga haky ýok.

Berýän ýa-da baýlar jähtinden seredilende zekat, adamlary husytlyk, harsy dünýälik, daş ýüreklilik, özüni ýokarda görmek, men-menlik, tamakinçilik ýaly din we ahlak taýdan kabul edilmeýän, adamlar we jemgyýet üçin ýaramaz täsirleri bolan duýgydyr düşünjelerde, çemeleşmelerden saplamagy maksat edinýär. Nebsi terbiýe edip, olaryň ýerine jomartlyk, haýyr söýerlik, arkalaşyk, merhemet, allaga gönügip dünýä malyna ýesirlikden halas bolmak ýaly özboluşlyklary döredip biljek güýje eýe bolan tälimdir.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar