Stoltenberg: "Hytaý Russiýany goldap Ýewropadaky uruşy möwjedýär" diýdi

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Hytaýyň Russiýany Ukraina garşy goldap Ýewropadaky uruşy möwjedýändigini habar berdi

2144217
Stoltenberg: "Hytaý Russiýany goldap Ýewropadaky uruşy möwjedýär" diýdi

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg, Germaniýanyň "Welt am Sonntag" gazedine beren beýanatynda: "Hytaý Günbatar bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýändigini aýdýar, emma Pekin şol bir wagtda Ýewropadaky uruşy möwjedýär. Ikisini bir wagtda alyp baryp bilmersiňiz" diýip nygtady. 

Ýens Stoltenberg Hytaýyň goldawynyň Russiýanyň Ukraiandaky uruş üçin uly ähmiýete eýedigini belläp: "Moskwanyň Ukraina garşy raketa, tank we uçar öndürmek üçin ulanýan maşyn şaýlarynyň, mikroelektronika we beýleki tehnologiýalaryň satuwynda uly bir artyş bar" diýip habar berdi. 

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-nyň harby birikmelerini Ukraina ugratmak ýa-da NATO howa goranyş saýawanyny Ukraina çenli giňeltmek ýaly meýilnamalarynyň bolmandygyny belläp, NATO-nyň çaknyşygyň tarapdary bolmajakdygyny ýene-de bir gezek aýdyp geçdi. 

NATO agza ýurtlary Ukraina has köp goldaw bermek barada çagyryş beren Ýens Stoltenberg: "Putin Ukrainada islän zadyna ýetse, Ýewropada hemişelik howpsuzlyk bolmaz we dünýä bir bütewi ýagdaýda has hem durnuksyz ýagdaýa geler. Russiýany has köp agressiýadan eýmendirmelidiris. Putini köşeşdirmek syýasaty peýda getirmez" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar