Eýranyň Prezidenti Raisi Soňky Ýoluna Ugradyldy

Ebrahim Raisi, Maşad şäherinde jaýlandy.

2143600
Eýranyň Prezidenti Raisi Soňky Ýoluna Ugradyldy

Dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Maşad şäherindäki Ymam Ryza türbedinde geçirlen jynaza çäresinden soň jaýlandy.

Ebrahim Raisi, Töwriz, Kum, Tähran we Birjend şäherlerinde geçirlen jynaza çärelerinden soň düýn Maşad şäherinde jaýlandy.

Raisi, 19-njy maýda Azerbaýjan serhedinde suw bendiniň açylyş dabarsyndan gaýdyp gelýärkä, Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolan dik uçar heläkçiliginde ýogalypdy.

Raisi bilen birlikde dik uçar heläkçiliginde ýogalan Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan hem paýtagt Tähranyň Reý şäherinde jaýlanypdy.

 

 



Degişli Habarlar