Britaniýada Möhletinden Irki Saýlawlar Geçiriler

Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak 4-nji iýulda umumy saýlawlaryň geçiriljekdigini beýan etdi.

2143211
Britaniýada Möhletinden Irki Saýlawlar Geçiriler

Rişi Sunak Ministrler kabinetiniň hepdelik mejlisinden soň beýannama berdi.

Çykyşyna soňky 5 ýylda 2-nji Jahan urşundan bäri iň agyr günleri başdan geçirendiklerini beýan edip başlan Sunak, Britaniýanyň olara garşy göreşýändigini aýtdy.

Sunak ykdysady durnuklylygyň ähli üstünlikleriň özenini emele getirýändigine ünsi çekip, Britaniýanyň ykdysadyýetiniň ösmäge dowam edýändigini we inflýasiýanyň kadalaşandygyny beýan etdi.

Göterim mukdarlarynyň aşaklandygyny, hökümetiň maksatnamasynyň netijesini berendigini aýdan Sunak, muňa garamazdan häzirki wagtda adamlar üçin şertleriň ýeňil däldigini bilýändigini nygtady.

Sunak, indi halka soralmaly soragyň “Kime ynanýarsyňyz” soragydygyny nygtap; “İndi Britaniýa üçin geljegini saýlamagyň wagty geldi. Gazanan üstünliklerimizin üstüne gurmakmy, ýogsam meýilnamasyz we agyr şertlere dolanypbarmakmy? Näme isleýändigimize karar berilmeli. Britaniýanyň Şasyna geňeşip, mejlisi ýatyrmagy teklip etdim. Şa, bu talaby kabul etdi we 4-nji iýulda umumy saýlawlary geçireris” diýdi.

Sunak saýlawçylaryň ýurt üçin anyk maksatnamasy we batyrgaý meýilnamalary bolan partiýany saýlamagy üçin çagyryş edip, oppozisiýadaky Zähmetkeşler partiýasynyň Britaniýanyň geljegi üçin meýilnamasynyň ýokdugyny öňe sürdi.

 



Degişli Habarlar