Bahreýniň Şasy Russiýada Saparda Boldy

Putin bilen Bahreýniň Şasy Hamed bin İsa Al Halife paýtagt Moskwada duşuşdy.

2143591
Bahreýniň Şasy Russiýada Saparda Boldy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Bahreýniň Şasy Hamed bin İsa Al Halife paýtagt Moskwada duşuşdy.

Putin Kremlde bolan duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň gün saýyn ösýändigini aýtdy.

Iki ýurduň bilelikde 30 uly taslamany durmuşa geçirýändigini aýdan Putin, şol taslamalaryň jemi gymmatynyň 500 million dollara barabardygyny belledi.

Al Halifeniň Moskwa guran saparyna kanagatlanma bildiren Putin, saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde halkara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Bahreýniň Şasy Hamed bin İsa Al Halife hem duşuşykda, Putine ýaňy ýakynda geçirlen Arap ligasynyň 33-nji sammiti hakynda maglumat bermek isleýändigini ýatlatdy.

Russiýanyň Ýakyn Gündogar bilen arabaglanşykly meselelerde uly rol oýnaýandygyny gürrüň beren Al Halife, “Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar diýseň möhüm. Asuda ilatyň has köp ýitgi çekmezligi üçin söweşiň bes edilmegini isleýäris. Ýüz müňlerçe adam bu çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk etdi” diýdi.

Geçmişde Eýran bilen dartgynly günleriň başdan geçirlendigini aýdan Al Halife, Eýran bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerine ünsi çekdi.

Iki lideriň duşuşygyndan soň taraplaryň arasynda medeniýet we ykdysadyýet ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

 



Degişli Habarlar