Ysraýylyň baş ştabynyň başlygy "Demirgazykda uruş meýilnamasyny" tassyklady

Ysraýylyň baş ştabynyň başlygy Herzi Halewiniň "uruşa dowam edilmegi üçin demirgazykdaky uruş meýilnamalaryny tassyklandygy" habar berildi

2189407
Ysraýylyň baş ştabynyň başlygy "Demirgazykda uruş meýilnamasyny" tassyklady

Ysraýylyň goşunynyň metbugat sekretarlygyndan berilen beýanata görä, Ysraýylyň baş ştabynyň başlygy Herzi Halewi uruşa dowam edip bilmek üçin demirgazykdaky uruş meýilnamalaryny tassyklady.

Herzi Halewi Hizbullah bilen çaknyşyklaryň dowam edýän demirgazyk zolagy üçin birnäçe gün ozal beren beýanatynda: "Her tapgyrda Hizbullah üçin ýitgi uly bolmaly" diýip aýdypdy. 

Liwanda 17-nji sentýabrda Hizbullahyň agzalary tarapyndan ulanylan peýjerler şol bir wagtda partlapdy. 

Partlamada 2-si çaga 12 adam ýogalypdy, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.

Ýurtda 18-nji sentýabrda köp sanda rasiýanyň partlamagy netijesinde bolsa 25 adam ýogalypdy, ýüzlerçe adam ýaralanypdy. 

Liwanly resmileriň jogapkär diýip günäkärlän Ysraýyldan wakalar bilen bagly entek beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar