Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Bu beýanat NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltengberg tarapyndan berildi.
Stoltenberg wezipe möhletiniň gutarmagyna sanaglyja günler galanda “Nemes Marşall gaznasy” atly guramanyň geçiren çäresinde hoşlaşyk çykyşyny etdi.
Baş sekretar çykyşynda ABŞ-na özüni Ýewropa bilen ýaranlykdan çetleşdirmezlik meselesinde duýduryş beren bolsa, Ýewropany howpsuzlygy üçin günortada Türkiýeden demirgazykda Norwegiýa çenli NATO-nuň saýawyna zerurlygyň bardygyny kabul etmäge çagyrdy.
“Ýewropalylar NATO bolmasa, materikde howpsuzlygyň ýokdugyna düşünmeli” diýen Stoltenberg, onuň diňe bir serişdeler bilen däl, eýsem geografiýa bilen hem baglanşyklydygyny nygtap; “Günortada Türkiýe, demirgazykda Norwegiýa we günbatarda ABŞ, Kanada we Britaniýa bolmasa, Ýewropa materiginiň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkin däldir” diýdi.
Stoltenberg 10 ýyldan bäri ýerine ýetirýän wezipesini 1-nji oktýabrda Gollandiýanyň ozalky premýer-ministri Mark Ruttä tabşyrar.
Degişli Habarlar
Şols Türkiýä Sapar Eder
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols 19-njy oktýabrda Türkiýä sapara geler.