Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

2142402
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 647 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 5 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýenede 85 palestinalynyň ýogalandygy, 200 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 647, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 852 adama ýetendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar