NATO-nuň Goranmak Ministrleriniň Maslahaty Öz Işini Dowam Etdirýär

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýerleşýän NATO-nuň karagähinde geçirilýän maslahatda Türkiýä Milli goranmak ministri Ýaşar Güler wekilçilik edýär.

2153058
NATO-nuň Goranmak Ministrleriniň Maslahaty Öz Işini Dowam Etdirýär

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg eden açylyş çykyşynda “Maslahatyň birinji bölüminde 9-11-nji iýulda ABŞ-nyň paýtagt Waşingtonda geçiriljek NATO-nuň Liderler sammitine görülýän taýýarlyklaryň çäginde ýüzöwürdijilik hem-de goranyş boýunça meselelerini seljereris. Goranyş meýilnamalarymyzyň takyklygy we iş ýüzüne geçirilmäge taýýar bolmagy bilen bagly ýetilen sepgidi seljereris. Hem öz goranyşymyz üçin hem-de Ukrainany goldamaga dowam etmek üçin gerek bolan möhüm zerurlyklaryň üpjün edilmegi boýunça goranyş senagaty önümçiligimiz hakynda pikir alyşarys” diýdi.

NATO-nuň Baş sekretary Waşingtondaky sammitde şol bir wagtda NATO-nuň Ukraina boýunça howpsuzlyk kömegini we tälim meýilnamasyny hem jemlejekdiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar