Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Gazada ýogalanlaryň sany 37 müň 266 adama ýetdi.

2153178
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 34 adam artyp 37 müň 266 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 252 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 4 gyrgynçylyk edendigi, ady agzalýan hüjümlerde ýene-de 34 palestinalynyň ýogalandygy, 71 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 37 müň 266, ýaralananlaryň sanynyň hem 85 müň 102 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar