Eýranda Ýas Çäreleri Geçirilýär

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we beýleki ýolbaşçylar üçin ilkinji çäre Töwriz şäherinde geçirildi.

2142389
Eýranda Ýas Çäreleri Geçirilýär

Öňňin dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we beýleki ýolbaşçylar üçin ilkinji çäre Töwriz şäherinde geçirildi.

Töwriz şäheriniň Şüheda meýdanynda on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirlen çärede Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Töwriziň Ymamy Muhammed Ali Al-i Haşimi we Gündogar Azerbaýjanyň häkimi Malik Rahmeti üçin doga edildi.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we beýleki ýolbaşçylar üçin şu gün Kum şäherinde çäre geçirler.

Erit paýtagt Tähranda geçiriljek resmi dabara Türkiýäniň adyndan Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Daşary işler ministri Hakan Fidan gatnaşar.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi penşenbe güni Maşad şäherinde geçiriljek jynaza namazyndan soň jaýlanar.

 

 



Degişli Habarlar