Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

DEAŞ, wagtal-wagtal esasan şaýy Hazaralara garşy hüjümler guraýar.

2133974
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Owganystanyň Hyrat welaýatynda metjide guralan ýaragly hüjümde 6 adam ýogaldy.

Taliban hökümetiniň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Kani Metin, sosial mediadan beren habarnamasynda, Hyrat welaýatynyň Guzera etrabynda metjide gelen hüjümçiniň kalaşnikow ýaragly bilen çem gelen ýere od açmagy sebäpli 6 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

TOLO Nýus kanaly bolsa şaýylara degişli metjide guralan hüjümde metjidiň ymamy bilen birlikde 7 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Owganystanda terror guramasy DEAŞ, wagtal-wagtal esasan şaýy Hazaralara garşy hüjümler guraýar.

 


Etiketkalar: #metjit , #DEAŞ , #Owganystan

Degişli Habarlar