Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýylyň halka ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýändigi sebäpli Gaza Sektorynda 2,3 million adam gumanitar pajygany başdan geçirýär

2133154
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýene-de 22 palestinaly ýogaldy.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Abu Husaýra köçesinde at-Terturi maşgalasynyň ýaşaýan öýüni nyşana almagy sebäpli zenanlar we çagalar bilen birlikde azyndan 5 palestinaly ýogaldy.

Gaza şäheriniň günortasynda ýerleşýän Sabra etrapçasynda, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Hijazi maşgalasyna degişli öýi bombalamagy sebäpli palestinaly 2 zenan ýogaldy. Ýykylan öýüň harabalygynyň aşagynda ýaralananalryň bardygy nygtalýar.

Gaza sektorynyň günortasynda Rafah şäheriniň gündogarynda Jenine etrapçasynda, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Hatib maşgalasyna degişli öýe guran hüjüminde azyndan 4 palestinaly ýogaldy, birnäçe adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň harby goşuny 7-nji oktýabrdan bäri ilatly ýerleri, hassahanalary we mekdepleri bombalamaga dowam edýär.

Ysraýylyň halka ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýändigi sebäpli Gaza Sektorynda 2,3 million adam gumanitar pajygany başdan geçirýär.

 



Degişli Habarlar