Çatda Çopanlar Bilen Daýhanlar Çaknyşdy

Öri meýdan sebäpli bolan çaknyşykda 42 adam ýogaldy

2119040
Çatda Çopanlar Bilen Daýhanlar Çaknyşdy

Afrika ýurtlaryndan Çatda çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda bolan çaknyşykda 42 adam ýogaldy.

Çadyň hökümetinden berlen beýannamada, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Tilegueý etrabynda çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda başlan dartgynlygyň çaknyşyga öwrülendigi nygtaldy.

Beýannamada, öri meýdan sebäpli bolan çaknyşykda 42 adamyň ýogalandygy ýatladyldy.

Beýannamada, ýekşenbe güni başlan çaknyşyklaryň çarşenbe gününe çenli dowam edendigi, wakada 175 adamyň saklanandygy ýatladyldy.

 

 

 


Etiketkalar: #daýhan , #çopan , #Çad

Degişli Habarlar