Russiýanyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 7 Adam Ýogaldy

Harkowa “Şahed” kysymly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guraldy

2100391
Russiýanyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 7 Adam Ýogaldy

Russiýanyň Ukrainanyň Harkow sebitine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüinde 7 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, rus goşunynyň düýn gije Harkowa “Şahed” kysymly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy nygtaldy.

Hüjümde 3-i çaga 7 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Russiýanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjüminde 15-den gowrak öýe hem zeper ýetirendigi ýatladyldy.

Ukrainanyň baş ştabyndan berlen beýannamada hem Russiýanyň Ukraina 26 “Şahed” kysymly uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygy mälim edildi.

Beýannamada 18 sany uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar