Nigeriýada 88,4 Million Adam Ýoksullyga Garşy Göreşýär
2022-nji ýyldan bäri aşa ýoksul ilatyň sany 12,9 göterime ýetdi
![Nigeriýada 88,4 Million Adam Ýoksullyga Garşy Göreşýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/473e/a968/9fca/65c49be1c779c.jpg?time=1718401262)
Günbatar Afrika ýurtlaryndan Nigeriýada 88,4 million adam aşa ýoksullyga garşy göreşýär.
Nigeriýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministrliginden berlen beýannamada, ýurtdaky ýoksullyga alada bildirilýändigi nygtaldy.
Beýannamada, ýurtda 88,4 million adamyň aşa ýoksullyga sezewar bolandygy, 2022-nji ýyldan bäri aşa ýoksul ilatyň sanynyň 12,9 göterime ýetendigi bellenildi.
Afrikanyň nebit-gaz ätiýajy taýdan iň baý ýurtlaryndan biri bolan Nigeriýada, girdeji adalatsyzlygy, terror guramasy Boko Haramyň we beýleki ýaragly toparlaryň guraýan hüjümleri ýaly meseleler ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirýär.
Ykdysady krizis we howpsuzlyk sebäpli agyr günleri başdan geçirýän nigeriýalylaryň bir bölegi has gowy şertlerde ýaşamak üçin bikanun ýagdaýda Ýewropa ýurtlaryna gidýär.
Degişli Habarlar
![Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/9134/3ba3/4598/666bf6012427c.jpg?time=1718401263)
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Sammitde Türkiýä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.