“Gazada 100 Müňe Golaý Adam Öldürildi, Ýaralandy ýada Ýitdi”

Gazada 27 müň 478 adam öldürildi, 66 müň 835 palestinaly hem ýaralandy.

2098175
“Gazada 100 Müňe Golaý Adam Öldürildi, Ýaralandy ýada Ýitdi”

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda 100 müňe golaý adamyň öldürlendigi, ýaralanandygy ýada ýitendigi habar berildi.

BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky Palestinaly bosgunlara ýardam gullugynyň Baş komisary Lazzarini, sosial mediadan beren habarnamasynda, Gazanyň ilatynyň 80 göterimden gowragynyň öýüni terk edendigine ünsi çekdi.

Gazada 17 müň çaganyň hossarsyz galandygyna ünsi çeken Lazzarini, “4 aýdan bäri dowam edýän söweşde Gazada 100 müňe golaý adam öldürildi, ýaralandy ýada ýitdi. Şol san ilatyň 5 göterimini emele getirýär. Munyň ýaşaýan şäheriňizde ýada ýurduňyzda näme many aňladýandygyna aňsatlyk bilen göz ýetirmek bolýar” diýdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beren beýannamasyna görä, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 27 müň 478 adam öldürildi, 66 müň 835 palestinaly hem ýaralandy.

 


Etiketkalar: #çagalar , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar