Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi

Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.

2132520
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlaryndan jogapkär metbugat sekretary Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.

Al Arabiýanyň berýän habaryna görä, Gharrit sosial mediadan beren habarnamasynda, 18 ýyldan bäri ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda işleýändigini nygtap, “ABŞ-nyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşy bolandygym üçin wezipämden çekildim. Ýaraglar däl, diplomatiýa. Parahatçylygyň we jebisligiň güýji boluň”diýdi.

2005-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda işleýän Gharrit, 2022-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Döwlet sekretarlygynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlaryndan jogapkär metbugat sekretary wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Gharrit, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümleri meselesinde ýurdunyň alyp barýan syýasatyna garşylyk görkezmek maksady bilen wezipesinden çekilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň üçünji gullukçysy boldy.

 

 



Degişli Habarlar