Ysraýyl, Damaska Howa Hüjümini Gurady

Damaskyň günortasyndaky käbir merkezlere Ysraýyl tarapyndan howa hüjümi guraldy

2096793
Ysraýyl, Damaska Howa Hüjümini Gurady

Ysraýylyň, Siriýanyň paýtagty Damaska howa hüjümini gurady.

Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA-nyň berýän habarynda, ýerli wagt bilen 04.20-de, Damaskyň günortasyndaky käbir merkezlere Ysraýyl tarapyndan howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Habarda, “Howa goranyş ulgamlarymyz basyp alyşlyk astyndaky Golan depelerinden gelen duşmanyň raketalarynyň käbirini urup düşürdi. Hüjümde käbir ýerlere zeper ýetirildi” diýildi.

Ysraýyl tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Damaskda we töwereklerinde Siriýanyň goşuny we Eýran tarapyndan goldanýan toparlar bilen birlikde Hizbullah iş alyp barýar.

Ysraýyl, Siýada içeri urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri şol ýurtda iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan toparlara garşy wagtal-wagtal hüjüm guraýar.

 



Degişli Habarlar