BRIKS-e agza ýurtlar artýar

2006-njy ýylda döredilen BRIK, 2010-njy ýylda bolsa Günorta Afrikanyň ýüz tutmasyny kabul edip, BRIKS adyny alypdy

2096150
BRIKS-e agza ýurtlar artýar

Günorta Afrikanyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Naledi Pandor Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we BAE ýaly döwletleriň geçen ýyl düzümine goşulmagy üçin çakylyk ugradylan BRIKS-e girmegi tassyklandklaryny habar berdi. 

Günorta Afrikanyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Naledi Pandor geçiren metbugat ýygnagynda BRIKS-e agzalyk tapgyry bilen bagly maglumat berdi. 

Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen sammitde 6 ýurda BRIKS-iň düzümine goşulmagy üçin çakylyk ugradylandygyny ýatladan Naledi Pandor, şol ýurtlardan Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we BAE ýaly döwletleriň guramanyň düzümine girmegi tassyklandyklaryny habar berdi. 

Naledi Pandor: "Ýer eýeçiligini eden BRIKS sammitiniň iň möhüm netijeleriniň biri hem guramanyň giňelmegi bilen bagly karardy. Müsür, Efiopiýa, Eýran, Saud Arabystany we BAE ýaly döwletleriň BRIKS-e doly agza bolandyklaryny tassyklaýarys" diýip mälim etdi. 

Pandor, Argentinanyň bolsa gurama goşulmak çakylygyny ret edendigi beýan etdi. 

2006-njy ýylda döredilen BRIK, 2010-njy ýylda bolsa Günorta Afrikanyň ýüz tutmasyny kabul edip, BRIKS adyny alypdy.



Degişli Habarlar