“ABŞ, Yrakdan Çekilen Halatynda Siriýadan Hem Çekilmeli Bolar”

Aleksandr Lawrentýew, ABŞ-nyň esgerlerini Yrakdan yzyna çeken halatynda, Siriýadan hem çekilmeli boljakdygyny aýtdy

2093989
“ABŞ, Yrakdan Çekilen Halatynda Siriýadan Hem Çekilmeli Bolar”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýew, ABŞ-nyň esgerlerini Yrakdan yzyna çeken halatynda, Siriýadan hem çekilmeli boljakdygyny aýtdy.

Rus habarlar gullugy “RIA” beýannama beren Lawrentýew, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda alyp barýan işleri hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň Yrakdan çykmaga taýardygyna ünsi çeken Lawrentýew, bu meselede yrakly kärdeşleriniň özlerine maglumat berendigini belledi.

Yza çekilşigiň näçe wagt dowam etjekdiginiň näbelli bolmagynda galýandygyny aýdan Lawrentýew “ABŞ bu möhledi mümkin gadar uzadar. Sebäbi olar häzir taýar däl. Yrakdan çekilenden soň Siriýadan hem çekilmeli bolarlar. Sebäbi Yragyň territoriasyny ulanman Siriýa logistiki taýdan goldaw bermegi we esgerleriniň iş alyp barmagy mümkin däl” diýdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Siriýa , #Yrak , #Russiýa

Degişli Habarlar