Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar

Beýleki tarapdan her hormatly dynç alyşa çykan her 4 adamyň 1-i 1000 ýewrodan az aýlyk alýar

2091787
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar

Germaniýanyň Statistika edarasyndan berilen maglumata görä, Germaniýada 7 milliondan gowrak pensiýa çykan adamalar aýda 1250 ýewrodan az aýlyk alýar. 

Ol bolsa pensiýa çykan adamlaryň 42 göterimine gabat gelýär. 

Beýleki tarapdan her hormatly dynç alyşa çykan her 4 adamyň 1-i 1000 ýewrodan az aýlyk alýar. 

Çepçi partiýanyň deputaty Ditmar Barçyň aýtmagyna görä bu ýagdaý Germaniýada ýokary inflýasiýada esasy zyýan çeken adamlaryň pensiýa çykanlardygyny görkezýär. Ditmar Barç şol sebäpli pensiýa çykan adamlar üçin aýlyklaryna 1 gezekligine 10 göterimlik artş talap edýär. 



Degişli Habarlar