Eýran, Russiýa Ukraina garşy ulanmak üçin ýarag bermändiklerini aýtdy

Abdullahiýan mundan başgada 1 ýyl ozal ukrainaly kärdeşlerine Russiýanyň Eýran önümi bolan dronlary we ýaraglary ulanandygy baradaky subutnamalar bermegini teklip edendigini mälim etdi.

2090552
Eýran, Russiýa Ukraina garşy ulanmak üçin ýarag bermändiklerini aýtdy

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan Russiýanyň Ukraina garşy guralýan hüjümlerinde ulanmak maksady bilen Eýrandan ýarag alandygy barada Kiýew tarapyndan hiç hili ynandyryjy subutnamanyň hödürlenmändigini habar berdi. 

Dawosda geçirilen Bütindünýä Ykdysady forumda çykyş eden Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan mundan başgada ABŞ-ny Eýranyň Ukraina uruşyna goşulyşýandygy barada ýalan töhmet atmak bilen günäkärledi. Eýranly ministriň habar bermegine görä ol günäkärlemeler beýleki ýurtlary Eýrana garşy meçew bermek tagallasyndan ybaratdyr.  

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan mundan başgada 1 ýyl ozal ukrainaly kärdeşlerine Russiýanyň Eýran önümi bolan dronlary we ýaraglary ulanandygy baradaky subutnamalar bermegini teklip edendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #Eýran

Degişli Habarlar