Russiýanyň prezidenti Wýetnama bardy

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýa guran resmi saparyndan soň düýn agşam Wýetnama geçdi

2154382
Russiýanyň prezidenti Wýetnama bardy

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin paýtagt Hanoý şäherinde Wýetnamyň prezidenti To Lam tarapyndan döwlet dabara bilen garşylandy. 

Duşuşygyň metbugata açyk bölüminde çykyş eden Putin: "Wýetnam bilen köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi ileri tutýan ugurlarymyzyň biridir diýip belledi. 

Ykdysady we söwda ugurlaryndaky gatnaşyklaryň hem ösýändigini aýdan Putin, ikitaraplaýyn söwda mukdarynyň geçen ýyl 8 göterim artandygyny beýan etdi. 

Putin Wýetnam bilen halkara arenada sazlaşykly ýagdaýda hereket edýändikleirni belläp: "Russiýa Wýetnamyň öňdebaryjy agzalarynyň biri bolan ASEAN bilen diýalogyň ösdürilmegine ähmiýet berýär" diýip habar berdi. 

To Lam bolsa öz gezeginde Russiýa bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berýändiklerini belläp: "Rus halkynyň geçmişde garaşsyzlyk ugrundaky göreşimizde, ýurdumyzyň gurluşynda we häzirki özgeriş tapgyrynda bizi goldamagyny ýatdan çykarmaýarys" diýip mälim etdi. 

Russiýany Wýetnamyň daşary syýasatynyň ileri tutuýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýandyklaryny aýdan To Lam, Russiýa bilen Wýetnamyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy meselesini Putin bilen maslahatlaşjakdyklaryny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar