Ysraýylyň goşuny 33 palestinalyny azat etdi

Ysraýylyň goşuny Gaza zolagyna garşy geçirýän gury ýer operasiýalarynda tussag eden 33 palestinalyny azat etdi

2154446
Ysraýylyň goşuny 33 palestinalyny azat etdi

Gaza zolagynyň merkezindäki Deýr al-Belahyň gündogarynda azat edilen palestinalylar şäherdäki Aksa Şehitleri hassahanasyna bardylar. 

Saglygy goraýyş edarasynyň habar çeşmeleri hassahana baran palestinalylaryň horlanandyklaryny we endamlarynda gynamalaryň yzlarynyň bardygyny habar berdiler. 

Ysraýylyň goşuny ozal hem Gazada tussag eden palestinalylary azat edipdi, azat edilen palestinalylar tussaglykda bolan mahallary ysraýylly esgerler tarapyndan ýenjilendiklerini, gynamalara, masgaralamalara we kemsitmelere sezewar galandyklaryny aýan edipdiler. 



Degişli Habarlar