Eýranyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi 4-nji ýanwarda Türkiyä sapar gurar

2083355
Eýranyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Eýran bilen Türkiyäniň arasyndaky ýokary derejeli diýalogyň dowamy taýdan Raisiniň sapary möhüm bir tapgyry we umumy gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly pursatdyr.

Saparda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň  we Daşary işler ministri Hakan Fidanyň eýranly kärdeşleri bilen Gaza meselesi boýunça soňky hadysalar bilen birlikde sebitleýin meseleleri maslahatlaşarlar. 

Yrak, Siriýa, Günorta Kawkaz, Owganystan ýaly sebitleýin meseleleriň ele alynjak saparda, şeýle hem Türkiyäniň Eýrandan terrora garşy göreşde anyk hyzmatdaşlyk etmek boýunça tamalary öň hatara çykýar. 

Türkiye we Eýran 560 km uzynlygy boýunça biri-biri bilen serhetdeş. Şol çäkde PKK we terror guramasy PKK-nyň Eýrandaky şahasy PJAK bilen bilelikde ähli terror guramalaryna garşy bilelikdäki göreşiň täsirli ýagdaýda dowam etdirilmegine garaşylýar. 

Raisiniň Türkiyä gurajak saparynyň çäginde medeniýet, ylym, metbugat, içeri işler, ýük daşamak, söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda takmynan 10 ylalaşyk resminamasyna gol çekilmegine garaşylýar. 

Resmi duşuşykdan soň Prezident Erdoganyň we eýranly kärdeşi Raisiniň Eýranda iş alyp barýan türk maýdarlar we işewür adamlar bilen duşuşyk geçirmeklerine garaşylýar. 



Degişli Habarlar