Gazada Ýogalan Palestinalylaryň Sany 21 Müň 978 Adama Ýetdi

“87 günde 21 müň 978 adam şehit boldy, 57 müň 697 adam ýaralandy. Ýogalanlaryň 70 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat”

2082872
Gazada Ýogalan Palestinalylaryň Sany 21 Müň 978 Adama Ýetdi

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza Sektoryna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany 21 müň 978 adama ýetdi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Kudra metbugata beren beýannamasynda, Ysraýylyň 87 günden bäri Gaza guraýan hüjümleri hakynda maglumat berdi.

Eşref Kudra, “87 günde 21 müň 978 adam şehit boldy, 57 müň 697 adam ýaralandy. Ýogalanlaryň 70 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat” diýdi.

Hüjümlerde saglygy goraýyş işgärlerinden 326 adamyň ýogalandygyny, 104 sany tiz kömek ulagynyň hatardan çykarlandygyny aýdan Kudra, hüjümler sebäpli öýlerini terk etmeli bolan 50 müňe golaý göwreli zenanyň ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigine ünsi çekdi.

Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

 



Degişli Habarlar