Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň harby güýçleri 7-nji oktýabrdan bäri Gaza sektorynda her gün azyndan 181 zenany we çagany öldürdi

2082755
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky hökümediň metbugat ofisinden berilen beýanatda, Ysraýylyň Gaza garşy başladan hüjümleriniň 86 gün bäri dowam edýändigi, hüjümleriň netijesinde 9100 çaganyň we 6500 zenanyň ýogalandygy habar berildi. 

70 göterimi zenan we çaga bolan 7 müň adamyň hem ýa harabalyklaryň aşagyndadygy ýa-da dereksiz ýitendigi bellenen beýanatda, hassahana baran ýogalan palestinalylaryň sanynyň 21 822 adama, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň bolsa 56 451 adama ýetendigi mälim edildi. 

Saglygy goraýyş pudagyna garşy hem hüjümleriň guralýandygy bellenen beýanatda, Ysraýylyň harby güýçleriniň saglygy goraýyş edaralarynyň 312 işgärini we 40 raýat goranyş edarasynyň işgärlerini öldürendigi aýan edildi. 

Beýanata görä 105 habarçy Ysraýylyň hüjümlerinde ýogaldy. 

Ysraýylyň goşuny saglygy goraýyş edaralarynyň 99 işgärini we 10 habarçyny tussag etdi, 2,3 million ilatly Gaza sektorynda 1,8 million adam öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur galdy. 

Öz ýaşaýan ýerlerinden başga ýere göçürilen palestinalylaryň ýaşaýan wagtlaýyn düşelgelerde 355 müň adamyň ýokanç kesel bilen keselländigi anyklandy. 

Ysraýylyň goşunynyň howa hüjümleriniň netijesinde Gaza sektorynda 126 hökümet binasy bilen 92 mekdep we uniwersitet ýer bilen ýegsan edildi, 285 mekdep we uniwersitet bölekleýin häsýetde ýumruldy. 65 müň ýaşaýyş binanyň, 119 metjidiň we 3 buthananyň dolulygyna ýumrulan Gaza sektorynda jemi 290 müň ýaşaýyş binasyna zeper ýetdi.  

Ysraýylyň goşuny 142 saglygy goraýyş edarasyny, 53 saglygy goraýyş merkezini we 23 hassahanany nyşana alyp, hyzmat berip bilmejek derejä ýetirdi we 104 tiz kömek ulagy ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 

Palestinanyň medeni mirasyny hem nyşana alan Ysraýyl, hüjümleri bilen Gazada 200 taryhy we medeni mirasy ýumurdy. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi. 

Ysraýyl oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" atly operasiýa başladandygyny mälim edipdi. 

Başdan geçirilýän dartgynlykda häzirki wagta çenli aglabasy çaga bolan 21 müň 800-den gowrak palestinaly ýogaldy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar