BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Gaza meselesi boýunça ýene-de ylalaşyga gelip bilmedi

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Gazada ot açmazlyk ýaraşygynyň baglaşylmagy boýunça geçirilen sese goýulşyk boýunça ýene-de ylalaşyga gelip bilmedi

2079486
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Gaza meselesi boýunça ýene-de ylalaşyga gelip bilmedi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Gazada Ysraýylyň hüjümlerine arakesme berilmegini ýa-da bes edilmegini göz öňünde tutýan taslama 4-nji gezek yza süýşürildi. 

Dawa; Ot açyşlyk we ynsanperwer arakesme sözleriniň haýsysynyň ulanyljakdygy we kömekleriň kim tarapyndan gözegçilik ediljekdigi bilen bagly. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde taýarlanan kanun taslamasy Gaza ynsanperwer kömekleriň diňe gury ýerden däl, eýsem deňizden we howadan ýetirilmegini hem öz düzüminde jemleýär. 

Kanun taslamasy ynsanperwer kömegiň Ysraýyl tarapyndan däl, BMG-nyň Baş sekretary tarapyndan dörediljek mehanizm tarapyndan gözegçilik edilmegini özünde jemleýär. 

Häzirki wagtda bolsa Gaza ugradylýan ynsanperwer kömekler Ysraýyl tarapyndan gözegçilik edilýär. 

BMG-nyň gözegçiligine garşy duran Ysraýyl, ABŞ-na basyş edýär. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza , #BMG

Degişli Habarlar