Blinken Bilen Şukri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Blinken bilen Şukri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
2078680
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri özara gatnaşyklar we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Blinken bilen Şukri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Müsür bilen hyzmatdaşlygyň dowam etmeginiň ähmiýetine ünsi çeken Blinken bilen Şukri, garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyna goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady.
Blinken, Gazadaky palestinalylara berilýän ynsanperwer kömekleriniň artdyrylmagy we ýesirleriň boşadylmagy meselesinde uly rol oýnandygy üçin Şukra sagbolsun aýtdy.
Degişli Habarlar
![Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/9134/3ba3/4598/666bf6012427c.jpg?time=1718387500)
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Sammitde Türkiýä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.