Ukraina: "Russiýa Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi

Ukrainanyň goşuny rus goşunynyň şu gün irden ýurduň paýtagty Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurandygyny habar berdi

2074855
Ukraina: "Russiýa Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ukrainanyň topragyna düýn gije "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulaglary we şu gün irden bolsa ballistik raketalar bilen hüjüm gurandygy habar berildi. 

18 sany rus uçarmansyz howa ulagynyň anyklanandygy mälim edilen beýanatda, aglabasy Nikolaýew sebitinde bolmak bilen uçarmansyz howa ulagynyň ählisiniň ýok edilendigi mälim edildi. 

Beýanatda ýerli wagt bilen sagat 04:00-da rus goşunynyň Kiýew sebitine 8 ballistik raketalar bilen hüjüm gurandygyny, raketalaryň ählisiniň Ukraina degişli zenit raketalar bilen Kiýewiň golaýynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Kiýew şäheriniň Harby edarasynyň başlygy Sergeý Popko edaranyň Telegram kanalyndan beren beýanatynda, täsirsiz ýagdaýa getirilen raketalaryň bölekleriniň Kiýewiň Darnitsa etrabyna gaçmagy netijesinde 4 adamyň ýaralanandygyny, öýlere zeper ýetendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #raketa , #Kiýew , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar