Russiýa, Ukrainanyň Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Guran Hüjümleriniň Öňüni Aldy

“Şu gije, Ukrainanyň hökümetiniň, Russiýa garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guran terrorçylykly hüjüminiň öňü alyndy”

2072537
Russiýa, Ukrainanyň Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Guran Hüjümleriniň Öňüni Aldy

Russiýa, Krymyň we Azow deňiziniň üstünde Ukrainanyň 40-dan gowrak uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminiň öňüniň alynandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden hüjüm hakynda berlen beýannamada, “Şu gije, Ukrainanyň hökümetiniň, Russiýa garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guran terrorçylykly hüjüminiň öňü alyndy” diýildi.

Beýannamada, rus howa goranyş ulgamlarynyň Krymyň we Azow deňiziniň üstünde Ukraina degişli 22 sany uçarmansyz howa ulagyny hatardan çykarandygy nygtaldy.

Beýannamada, ýerli wagt bilen 06.00 töweregi Azow deňiziniň üstünde Ukrainanyň uçarmansyz howa ulagy bilen gaýtadan hüjüm guramaga synanşandygy, rus howa goranyş ulgamlarynyň Ukrainanyň 4 sany uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigi, 2-niň hem öňüni alandygy ýatladyldy.

Krym, 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksirlenipdi.

 



Degişli Habarlar