Günbatar Şeriada öldürilýän palestinaly çagalaryň sany artýar

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada diňe şu ýyl öldürilen palestinaly çagalaryň sany azyndan 101-e ýetendigi mälim edildi

2071456
Günbatar Şeriada öldürilýän palestinaly çagalaryň sany artýar

Merkezi Beýik Britaniýada ýerleşýän "Çagalary halas ediň" guramasyndan berilen beýanatda, 7-nji oktýabrdan bäri ysraýylly esgerler ýa-da bikanun ýewreý ýaşaýjylar tarapyndan öldürilen çagalaryň sany 63-e ýeten bolsa, her gün 1-den gowrak çaganyň öldürilýändigi aýan edildi. 

Günbatar Şeriada 388 çaganyň hem ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçürilendigi bellenen beýanatda, sebitdäki çagalaryň ýagdaýynyň günsaýyn has hem erbetleşýändigi mälim edildi. 

"Çagalary halas ediň" guramasy ozal hem Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde öldürilen çagalaryň sanynyň, 2019-njy ýylda bütin dünýädäki çaknyşyk sebitlerinde öldürilen çagalaryň sanyndan has köpdügini habar beripdi. 



Degişli Habarlar