Ysraýyl bilen Hamas ýene-de bir gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdy

Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ýesir aly-çalşygy ylalaşygynyň çäginde Ysraýylyň tussaghanalaryndan palestinaly 30-y zenan, 3-si çaga jemi 33 ýesir azat edildi

2069656
Ysraýyl bilen Hamas ýene-de bir gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdy

Azat edilen ýesirleriň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada ýaşaýanlary, Halkara Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli awtobus bilen Ysraýylyň Ofer harby tussaghanasyndan çykyp, Ramalla şäherine gitdi. 

Ysraýylly esgerler palestinaly ýesirleri garşylamak üçin Beýtunýa etrapçasynda bir ýere ýygnanan adamlara gözüňi ýaşardýan gaz we hakyky oklar ulandy. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi ysraýylly esgerleriň ot açmagy netijesinde 1 palestinalynyň öldürilendigini habar berdi. 

Gündogar Iýerusalimde ýaşaýan çaga ýesirler hem Ysraýylyň polisiýa işgärleri tarapyndan maşgalalaryna gowşuryldy. Ysraýylyň polisiýasy Gündogar Iýerusalimde azat edilen palestinaly ýesirleriň öýleriniň töwereginde ýerleşdirildi, ýollarda gözegçilik nokatlaryny döretdiler. 

Käbir palestinaly ýesirleriň öýlerinde reýd geçiren Ysraýylyň Polisiýa işgärleri, maşgalalaryna öýlerinde hiç hili dabaralaryň we çäreleriň geçirilmezligi barada duýduryş berdiler.  

Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde Gaza sektoryndan ysraýylly zenanlardan we çagalardan ybarat 50 ýesir, Ysraýylyň tussaghanalarynda hem palestinaly zenanlardan we çagalardan ybarat 150 ýesir azat edilipdi. 

Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklara 4 gün arakesme berilmegi bilen bagly ylalaşyk 24-nji noýabr anna güni Türkiyäniň wagty bilen sagat 08:00-da güýje giripdi. 


Etiketkalar: #ýesir , #Palestina , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar