Ysraýyl şu gün azat edilmeli bolan ysraýylly ýesirleriň sanawyny alandyklaryny habar berdi

Ysraýylyň hökümedi gabaw astyndaky Gaza sektoryndan şu gün azat edilmeli bolan 3-nji tapgyr ysraýylly ýesirleriň sanawyny alandyklaryny habar berdi

2068878
Ysraýyl şu gün azat edilmeli bolan ysraýylly ýesirleriň sanawyny alandyklaryny habar berdi

Ysraýylyň Ýediot Ahronot gazediniň berýän habaryna görä Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ofisi şu gün azat edilmeli bolan ysraýylly ýesirleriň sanawyny aldy.

Sanawdaky adamlaryň maşgalalaryna maglumat berilendigi, howpsuzlyk güýçleriniň hem sanawy gözden geçirýändigi mälim edildi. 

Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklara 4 gün arakesme berilmegi bilen baglanşykly ylalaşyk, 24-nji noýabrda anna güni ýerli wagt bilen sagat 07:00-da güýje giripdi. 

Ylalaşyga laýyklykda Hamasyň elindäki 50 ysraýylly ýesiriň ýerine Ysraýylyň tussaghanalaryndaky 150 palestinaly azat ediler. 

Häzirki wagta çenli gabaw astyndaky Gaza sektoryndan 26 ysraýylly zenan we çaga bilen birlikde Ysraýylyň tussaghanalaryndaky 78 palestinaly zenan we çaga azat edildi. 


Etiketkalar: #ýesir , #Hamas , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar