Gazadaky çaknyşyklarda ýene-de iki ysraýylly esger öldürildi

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gazadaky çaknyşyklarda öldürilen esgerleriň sanynyň 68-e ýetendigini mälim etdi

2066801
Gazadaky çaknyşyklarda ýene-de iki ysraýylly esger öldürildi

Ysraýylyň goşunynden berilen ýazmaça beýanatda, Gazanyň demirgazygyndaky çaknyşyklarda ýene-de 2 ysraýylly esgeriň öldürilendigi habar berildi.  

Beýanatda ysraýylly 5 esgeriň hem Gazanyň demirgazygyndaky çaknyşyklarda agyr ýagdaýda ýaralanandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanata görä, 27-nji oktýabrdan bäri Gazadaky çaknyşyklarda öldürilen ysraýylly esgeriň sany 68-e ýetdi. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam topary 7-nji oktýabr güni irden Ysraýylyň "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrýan düzgün bozmalaryna garşylyk görkezmek maksady bilen" giň göwrümli hüjümler guran bolsa, Ysraýylyň goşuny şondan soň Gaza sektoryna garşy giň gerimli howa hüjümlerini başlatdy. 

Ysraýylda 7-nji oktýabrda guralan hüjümlerde 310-dan gowragy harby bolmak bilen jemi 1200 ysraýyllynyň ýogalandygy, 5132 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýyla görä Kassam toparynyň elinde 239 ysraýylly ýesir bar. 

Gazadaky hökümede görä 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde Gazada 5600-i çaga we 3550-si zenan jemi 13 müň 300 adam öldürildi. 

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada we Iýerusalimde 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby güýçleri we ýewreý ýaşaýjylar tarapyndan guralan hüjümlerde 217 palestinaly ýogaldy. 

Ysraýylyň goşuny Gazada on müňlerçe ýaralanan adam bilen asuda ilatyň sygynan onlarça hassahanany mejbury ýagdaýda ewakuasiýa etmek üçin nyşana alyp, hüjüm gurady. Basyp alyşlykda käbir hassahanalara girdi. Hüjümlerde ýüzlerçe adam ýogaldy we ýaralandy. 

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri serhetde başdan geçirilýän çaknyşyklarda mundan başgada Hizbullahyň 76 agzasy öldi. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza , #esger , #ysraýylly

Degişli Habarlar