ABŞ Ysraýylyň Gazany Basyp Almagyny Goldamaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagyny goldamaýadygyny, ony Ysraýyla aç-açan beýan edendiklerini habar berdi.

2061719
ABŞ Ysraýylyň Gazany Basyp Almagyny Goldamaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň resmisi Wedant Patel žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Patel Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň “ Söweşden soň Gazanyň howpsuzlygyny öz üstlerine aljakdyklary” hakyndaky sözleri bilen bagly soraga jogap berdi.

“Ysraýylyň Gazany gaýtadan basyp almagyny goldamaýarys” diýen Patel, ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň hem ony Ysraýyla guran saparynda kärdeşine ýetirendigini aýtdy.

Patel beýleki tarapdan “6-njy oktýabrdaky status-kwo” dolanyp barmagyň mümkin däldigini beýan edip, Ysraýylyň sebitde howpsuz bolmalydygyny, Gazanyň “terror hüjümleri” üçin bir baza bolmaly däldigini öňe sürdi.  



Degişli Habarlar