Ysraýylyň Gaza Hücümleri Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gazanyň günbataryndaky Nasr çagalar keselhanasynyň howlusyny bombalandygy, hücümde ölenleriň we ýaralananlaryň bardygy habar berildi.

2060226
Ysraýylyň Gaza Hücümleri Dowam Edýär

Ysraýylyň harby uçarlarynyň şol bir wagtda gür ilatly As-Sabra etrapçasynyň merkezinde ýerleşýän metcidi we Rafah şäheriniň gündogarynda birnäçe etrapçany suw bilen üpcünýä howdany bombalandygy beýan edildi.

Şaýatlar Ysraýylyň goşunynyň Rafahda deňiziň kenaryndaky balykçy gaýyklaryny bombalandygyny we palestinalylara degişli gaýyklaryň ýanandygyny mälim etdiler.

Ysraýylyň goşuny Gaza Sektorunda galan halkyň ýeke-täk elektrik üpcünçiligi bolan güneş panellerini we Al-Wafa hassahanasynyň esasy elektrik generatoryny hatardan çykardy.

Ysraýyl uzakly gice gury ýerden we howadan Gazanyň demirgazygy bilen günortasyndaky şäherlere hücümlerini dowam etdirdi.

Palestinanyň “WAFA” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň günbataryndaky An-Nasr we Şeýh Rydwan etrapçalarynda asuda ilatyň ýaşaýan öýlerini bombalady.

 Ysraýyl Gazadan guralan hücümlerde 315 sanysy esger, 1400-den gowrak ysraýyllynyň ölendigini, 5,132 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ysraýylyň beýan etmegine görä 31-nci oktýabrdan bäri Gaza Sektorundaky çaknyşyklarda ölen esgerleriň sany 25-ä ýeten bolsa, Kassam brigadalarynyň elinde 242 ysraýylly ýesir bar. Günbatar Şeriada-da bir Ysraýyl esgeri öldi.

Gazadaky Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä Ysraýylyň hücümlerinde 3,826 sanysy çaga, 2,405 sanysy zenan, cemi 9,227 palestinaly öldi, azyndan 23 müň adam ýaralandy.

Günbatar Şeriada we İýerusalimde Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri we ýehudi ýaşaýycylary 144 palestinalyny öldürdi.

Gazada müňlerçe raýatyň bolýan esasy saglygy goraýyş desgasy Şifa hassahanasyny hem nyşana alan Ysraýylyň goşuny, Al-Ahli Baptist we Türkiýe-Palestina dostluk hassahanalaryna hücüm etdi, Palestinanyň Gyzyl ýarymaý cemgyýetine degişli Kudus we İndoneziýa hassahanalarynyň töweregini bombalady.

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nci oktýabrdan bari dowam edýän çaknyşyklarda 56 Hizbullahçy bilen 4 Ysraýyl esgeri öldi.



Degişli Habarlar