Gazada Ýogalanlaryň Esasy Bölegi Çagalar we Zenanlar

Bu barada Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara goldaw we abadanlaşdyryş gullugynyň Baş komissary Filipp Lazzarini

2058355
Gazada Ýogalanlaryň Esasy Bölegi Çagalar we Zenanlar

BMG-niň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara goldaw we abadanlaşdyryş gullugynyň Baş komissary Filipp Lazzarini Gaza Sektorynda 3 hepdeden bäri dowam edýän Ysraýylyň hüjümlerinde öldürilenleriň 79 göteriminiň çagalardan we zenanlardan ybaratdygyny beýan etdi.

Lazzarini Ýakyn Gündogardaky ýagdaýty ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Gaza hakynda çykyş etdi.

Ysraýylyň hüjümlerine garşy Gazada howpsuz ýeriň ýokdugyny nygtan Lazzarini, Gazada soňky üç hepdede öldürilenler hakynda “Olaryň tas 70 göterimi çagalardan we zenanlardan ybarat” diýdi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Russel bolsa Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli häzirki wagtda çenli 3,400-den gowrak çaganyň ölendigine, 6,300-den gowrak çaganyň bolsa ýaralanandygyny ünsi çekdi.

Russel; “Ol, Gazada her gün 420-den gowrak çaganyň öldürilýändigini ýa-da ýaralanýandygyny aňladýar. Bu görkeziji ählimizi ýüligimize çenli sarsdyrmaly” diýdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi hem 7-26-njy oktýabryň aralygynda Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ölenleriň atlarynyň, şahsy maglumatlarynyň we ýaşlarynyň 212 sahypalyk sanawyny çap etdi.

Sanawa görä 7-26-njy oktýabryň aralygynda Ysraýylyň hüjümlerinde ölen 7,028 adamyň 2,913 sanysy çagalardan ybarat.

Ysraýylyň hüjümlerinde 1 ýaşyna ýetmedik 133 bäbek, 1 ýaşyndaky 153, 2 ýaşyndaky 158 bäbek jemi 444 bäbek ýogaldy.

Ysraýylyň bombaly hüjümlerinde 3 ýaşly 171, başlangyç synp çagyndaky (4-13 ýaş) 1527, orta mekdep çagyndaky (14-17 ýaş) 523 çaga pida boldy.

Hüjümlerde ýogalanlaryň 2,262 sanysy zenanlardan ybarat bolup, 60 ýaşdan ýokarda bolan 462 raýat öldürildi.

Sanawda, hüjümlerde ölen 281 adamyň bolsa şahsyýetiniň anyklanyp bilinmändigi beýan edilýär.

 



Degişli Habarlar