Ysraýyl gury ýer operasiýasynyň ýakyn wagtda geçiriljekdigini aýtdy

Binýamin Netanýahu Gaza serhediniň golaýyndaky esgerler bilen duşuşyk geçirdi

2053410
Ysraýyl gury ýer operasiýasynyň ýakyn wagtda geçiriljekdigini aýtdy

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we Goranmak ministri Ýoaw Gallant, Ysraýylyň goşunynyň gabaw astyndaky Gaza garşy gury ýer operasiýasyny ýakyn wagtda geçiriekdigi barada ýüzlenme berdiler. 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Gaza serhediniň golaýyndaky esgerler bilen duşuşyk geçirdi. 

Esgerler bilen geçiren duşuşgynda düşen suratyny X sosial media hasbayndan paýlaşan Binýamin Netanýahu, suratyň ýanyna "Taýardyrys" diýip ýazdy. 

Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant hem Gaza serhediniň golaýyndaky serhet birikmelere gözegçilik etdi. 

Ol ýerde ysraýylly esgerlere ýüzlenip çykyş eden Gallant: "Häzirki wagtda Gazany uzakdan görýärsiňiz. Ýakyn wagtda içinden görersiňiz" diýip belledi. 

Gallant Liwan serhedinde Hizbullah bilen başdan geçirilýän dartgynlygyň hem üstünde durup geçip: "Hizbullah uruş başlatmak isleýän bolsa, ilki bilen Gaza şäheriniň suratyna seretmelidir" diýip aýtdy. 

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar