ABŞ Eýrana degişli ok-därileri Ukraina ugratdy

ABŞ ele salan we Eýrana degişli bolan 1,1 million ok-däriniň Ukraina ugradylandygyny habar berdi

2046718
ABŞ Eýrana degişli ok-därileri Ukraina ugratdy

Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer paýtagt Waşingtonda geçiren gündelik metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Eýranyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň düzgünini bozup, Ýemendäki Husi söweşijilere ugradandygy çak edilýän 1,1 million ok-däriniň dekabr aýynda ABŞ tarapyndan ele salynandygyny aýdan Žan-Pýer şol ok-därileriň Ukraina ugradylandygyny mälim etdi. 

Eýranyň şol hereketiň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2216 belgeli kararynyň düzgün bozmasydygyny aýdan Žan-Pýer: "Ukrainanyň zuluma garşy azatlyk ugrundaky göreşini goldamak we Eýranyň sebitdäki we beýleki sebitlerdäki durnuksyzlaşdyryjy işleriniň öňüni almak üçin çäreleri görmegi dowam etdireris" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ok-däri , #ABŞ , #Ukraina , #Eýran

Degişli Habarlar