Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Leonid Timoçenko ýurtda 26 müňden gowrak adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi

2046920
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Herson sebitiniň Harby dolanşyk edarasynyň başlygy Aleksandr Prokudin, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, rus goşunynyň Herson sebitiniň Berislaw şäherine 5 howa hüjümini gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde hassahananyň nyşana alynandygyny aýdan Aleksandr Prokudin, hassahananyň binasynyň 4-nji gatynyň dolulygyna ýumrulandygyny, beýleki gatyna hem bölekleýin häsýetde zyýan ýetendigini mälim etdi. 

Aleksandr Prokudin hüjümiň netijesinde saglygy goraýyş edarasynyň 2 işgäriniň ýaralanandygyny we tiz kömek ulaglaryna zeper ýetendigini beýan etdi. 

Ukrainanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Leonid Timoçenko ýurtda 26 müňden gowrak adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi. 

Timoçenko: "Dereksiz ýiten adamlaryň 11 müň asuda ilatdan, 15 müňi harbylardan ybarat" diýip nygtady. 

Beýleki tarapdan bolsa Ukraina Kupýansk etrabynyň Groza obasyndaky raýat desgasyna Russiýa tarapyndan guralan hüjümde 49 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Hüjümiň ýerli wagt bilen sagat 13:15-de guralandygy bellenip, wakanyň bolan ýerine baran gözleg we halas ediş toparlarynyň biri 6 ýaşyndaky erkek çaga bolmak bilen jemi 49 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Associated Press agentliginde berilen habarlara görä hüjümde bir dükana we bir kafe zeper ýetdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hüjüme reaksiýa bildirip: "Russiýa şuňa we şunuň ýaly terrorçylykly hüjümlere diňe bir zat sebäpli amala aşyrýan, ol hem genosid maksatly agressiýasyny bütin dünýä üçin kadala ýagdaýa öwürmek" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Herson , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar