ABŞ Ukraina harby taýdan goşmaça kömek berer

ABŞ-nyň Wekiller mejlisi Ukraina 300 million dollarlyk täze goşmaça goldawyň berilmegi baradaky kanun taslamasyny kabul etdi

2044002
ABŞ Ukraina harby taýdan goşmaça kömek berer

ABŞ-nyň Wekiller mejlisi Goranmak ministrligi Pentagonyň býujetinden bölünip aýrylan, täze bir kanun taslamasy ýagdaýyna getirilen we Ukraina 300 million dollar möçberinde täze goşmaça goldawyň berilmegini göz öňünde tutýan kanun taslamasyny tassyklady. 

Kanun taslamasy 117 deputatyň beren ýok sesine garşy 311 agzanyň goldaw beren sesi bilen tassyklandy. 

Ukraina beriljek kömekleriň 2024-nji ýyldaky Pentagonyň býujetine goşulmagy, Respublikançylar bilen Demokratlaryň arasynda dartgynlyga sebäp bolupdy. 


Etiketkalar: #harby kömek , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar