Şoýgu: "Ýarag önümçiligini ençeme esse artdyrdyk" diýdi

Kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan berilen maglumata görä, soňky 6 aýda önümçilik kuwwady ýokary takyk ýaraglarda 2 esse, beýleki ýaraglarda bolsa 3,5 we 5 esse artdy

2043514
Şoýgu: "Ýarag önümçiligini ençeme esse artdyrdyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, goranmak senagaty bilen edilýän umumy hyzmatdaşlygyň netijesinde ýarag önümçiligini ençeme esse artdyrandyklaryny mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Sergeý Şoýgu Moskwa sebitinde goranmak senagaty ugrunda iş alyp barýan we döwlet sargyt önümçiligini amala aşyrýan "Taktiki raketa ýaraglary" fabriginde gözegçilik işlerini geçirdi, fabrigiň ýolbaşçylary bilen ýygnak geçirdi. 

Kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan berilen maglumata görä, soňky 6 aýda önümçilik kuwwady ýokary takyk ýaraglarda 2 esse, beýleki ýaraglarda bolsa 3,5 we 5 esse artdy. 

Ýolbaşçylar  tarapyndan ministr Şoýga ýokary takyk ýaraglaryň operatiw taýdan özgerdilmeginiň we döwrebaplaşdyrmagyň çäginde alynan we köpçülikleýin önümçilige girizilen iň soňky ýarag nusgalary görkezildi. 

Kärhananyň rus goşunynyň bähbitleriniň çäginde ýokary takyk aralykly bilen birlikde döwrebap awiasiýa ýaraglaryny hem özgerdýändigini aýdan Sergeý Şoýgu: "Önümçilik tizligi diňe 2024-nji ýyl bilen çäklenmez, kesgitli ugurlar boýunça hem artjakdygyny pikir edýäris. Şu günki gün umumy hyzmatdaşlygymyz netije bermäge başlady, önümçilik kuwwadymyzda göterim hökmündä däl, ençeme esse artyş bar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar