Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen Belgorod, Kursk we Brýansk sebitlerine hüjümler gurandygyny habar berdi

2041979
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Ukrainanyň ýerli wagt bilen sagat 09:00-da uçar görnüşli uçarmansyz howa ulaglary bilen Russiýanyň territoriýasyna terrorçylykly hüjümler guramak isländigi bellenip, uçarmansyz howa ulaglarynyň biriniň Belgorod sebitiniň howa giňişliginde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Birnäçe wagt soň Kursk we Brýansk sebitleriniň howa giňişliklerinde hem Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň 2 sany uçarmansyz howa ulagynyň öňüniň alynandygy bellenen beýanatda, ondan soň Kursk sebitiniň howa giňişliginde Ukraina degişli uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi düýn gije we şu gün irden Gara deňiz, Krym, Kursk we Brýansk sebitinde Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümleriniň öňüniň alynandygyny habar beripdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar